Kompýuterlere degýän iň meşhur wiruslar kesgitlendi

ABŞ-nyň kiberhowpsuzlygy we infrastrukturany goramak gullugy (CISA) we Awstraliýanyň kiberhowpsuzlyk merkezi (ACSC) 2023-nji ýylda iň köp ýaýran zyýanly programma üpjünçiliginiň sanawyny çap etdiler.

Hünärmenler, iň meşhur wiruslaryň köp sanlysynyň bäş ýyldan gowrak wagt bäri ulanylýandygyny we olaryň kodlarynyň ösýändigini düşündirdiler. Zyýanly programma üpjünçiligini iň işjeň ulanýanlar kiber jenaýatçylardyr. Olaryň kömegi bilen olar öz pidalarynyň kompýuterlerine töleg programma üpjünçiligini iberýärler ýa-da olaryň şahsy we maliýe maglumatlary ogurlaýarlar.

Sanawda bäş ýyldan gowrak wagt bäri ulanylýan Agent Tesla, AZORult, Formbook, LokiBot, NanoCore, Remcos we TrickBot, şeýle hem on ýyldan gowrak wagt bäri bar bolan Qakbot we Ursnif bar.

Täzegül HOJAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok