Hytaý 8,82 milliard dollarlyk türkmen tebigy gazyny import etdi

Hytaý şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda umumy bahasy 8,82 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan türkmen tebigy gazyny import etdi.

Türkmenistandan soň Russiýa, Mýanma we Gazagystan Hytaýa gaz eksport edýärler.

Hytaý şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda umumy bahasy 6,63 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan türkmen tebigy gazyny import etdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça uzaýan üç sany gaz geçirijisi arkaly Türkmenistan öz ýangyjyny Hytaýa eksport edýär. Turba geçiriji ulgamy ýylda 55 milliard kubmetr gaz daşamaga mümkinçilik berýär. Onuň üsti bilen ugradylýan gazyň köp bölegi Türkmenistandan we galan bölegi Gazagystandan hem-de Özbegistandan alynýar.

Oraz ANNAMURADOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok