23-nji dekabrda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda gaznanyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň ýolbaşçysy, Arkadag şäheriniň häkimi, degişli edaralaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisde tamamlanyp barýan ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine, ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyndaky wakalar hem-de öňde durýan wezipeler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Mejlisde bellenilişi ýaly, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurt boýunça howandarlyga mätäç çagalaryň hossarlarynyň ýüz tutmagy bilen jemi 260 sany operasiýa geçirildi. Şol sanda, 117 sany ýürek-damar kesellerinde, 102 sany ortopediýa kesellerinde we beýleki birnäçe keseller boýunça barlag bejergileri geçirildi. Mundan başga-da, 47 sany çagalarda saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglary geçirildi. 54 sany çagalar saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edildi.
Şol sanda näsag çagalaryň daýanç-hereket ediş ulgamynda operasiýalary ýerine ýetirmek bilen bagly serişdeleri sarp edildi. 1 sany «Sawina» kysymly emeli dem beriş enjamy Mary welaýat çagalar hassahanasyna berildi. Ýurdumyzyň welaýatlaryndaky hassahanalaryň Çagalar bölümlerine «Tiz kömek» awtoulaglary berildi. Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna mekdep-internatlary we çagalar öýleri saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen yzygiderli üpjün edilýär.
Gaznanyň halkara derejesinde hem alyp barýan ynsanperwer işleri doganlyk hem dostlukly ýurtlarda uly goldaw tapýar we Gaznanyň haýyr-sahawat işi baradaky gyzyklanmalary artdyrýar. 2023-nji ýylyň dowamynda Türkiýe, Ukraina döwletleriniň, Russiýa Federasiýasynyň, Owganystanyň, Palestinanyň çagalaryna ynsanperwerlik kömekleriniň iberildi.
Ogulgerek BATYROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler