23-nji dekabrda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda gaznanyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň ýolbaşçysy, Arkadag şäheriniň häkimi, degişli edaralaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisde tamamlanyp barýan ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine, ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyndaky wakalar hem-de öňde durýan wezipeler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Mejlisiň dowamynda, gaznanyň wise-prezidenti R.Bazarow Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine howandarlyga mätäç çagalara keseli anyklaýyş-bejeriş işlerini geçirmek bilen bagly sarp ediş serişdelerini satyn almak üçin 200 müň amerikan dollaryny Gaznanyň pul serişdeleriniň hasabyna tölemek boýunça ýüztutma esasynda Gaznanyň degişli çözgüdiniň işlenip taýýarlanandygy oňa laýyklykda emeli gan aýlanyş şertlerinde açyk ýürekde we endowaskulýar usuly bilen ýürek-damar ulgamynyň dogabitdi kesellerini bejermegi dowam etmek boýunça zerur bolan sarp ediş serişdelerini satyn almagyň, stentirlemek boýunça zerur bolan ezofagointestinal biostentler toplumyny satyn almagyň, şeýle hem ureteral stentler toplumyny satyn almagyň meýilleşdirilendigi barada hasabat berdi we ony türkmen halkynyň Milli Lideriniň garamagyna hödürledi. Gahryman Arkadagymyz hödürlenen çözgüdi makullap, degişli resminama gol çekdi.
Bägül PAŞIKOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler