Dünýäniň ýedi täsinligi

Dünýä medeniýet söhbet edilende, adamzadyň döreden iň haýran galdyryjy medeni gymmatlyklary, olaryň aýry-aýry nusgalary barada-da durup geçmek zerurdyr. Medeniýetiň we sungatyň taryhynda «dünýäniň ýedi täsinligi» diýen düşünje saklanyp galypdyr. Bu täsinlikleriň aýratyn tarapy, olaryň baryp gadymy zamanlarda, tehnikanyň ösmedik döwründe döredilendiklerindedir. Eýsem, dünýäniň ýedi täsinligi diýlende, haýsy ýadygärlikler göz öňünde tutulýar? Olar şulardyr:

  1. Heopsyň piramidasy. Bu täsin bina miladydan öňki 2540 njy ýylda Müsürde (Gizada) gurlupdyr. Bu ýadygärlik häzirki döwre çenli saklanyp galan ýeke-täk täsinlikdir.
  2. Semiramidanyň asma baglary. Bu täsinlik Mesopotamiýada (Yrak) miladydan öňki 605-nji ýylda döredilipdir. Ol miladydan öňki 562-nji ýylda suw joşmasy zerarly ýitip gidipdir.
  3. Zewsiň Gresiýanyň Olimp şäherinde goýlan heýkeli. Heýkel miladydan öňki 435-nji ýylda binagär Fidiý tarapyndan ýasalypdyr. Bu ýadygärlik V–VI asyrlarda Konstantinopolyň (häzirki Stambul) aýlawynda ýangyn bolanda ýok edilipdir.
  4. Artemidanyň miladydan öňki 550-nji ýylda Kiçi Aziýanyň (häzir Türkiýe) Efes şäherinde gurlan ybadathanasy. Bu ybadathana zenan hudaýy Artemidanyň hormatyna gurlup, ol miladydan öňki 370–356-njy ýyllarda uruşlar zerarly ýumrulypdyr.
  5. Kiçi Aziýada gurlan Galikarnas aramgähi. Bu aramgäh miladydan öňki 351-nji ýylda binagär Pifeý tarapyndan gurlupdyr we ol 1494-nji ýylda ýumrulypdyr.
  6. Gresiýanyň Rodos adasynda gurlan sütün. Ol miladydan öňki 292–280-nji ýyllar aralygynda binagär Hares tarapyndan gurlupdyr. Bu sütün 654-nji ýylda sökülip aýrylypdyr.
  7. Aleksandriýa maýagy. Bu desga miladynyň III asyrynda Müsüriň Aleksandriýa şäherinde gurlup, XIV asyrda ýer titremesi zerarly ýumrulypdyr.

Nurmämmet DÖWLETOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok