Biziň ata-babalarymyz gadymy döwürlerden bäri halk arasynda keselçilik ýüze çykanda “tebigy dermanhana” hökmünde elmydama dermanlyk ösümliklere ýüzlenipdirler. Olar her bir ösümligiň dermanlyk häsiýetlerini bilipdirler. Bu bolsa özboluşly halk medisinasynyň kemala gelmegine getiripdir. Halk medisinasy bolsa birnäçe asyrlaryň dowamynda kämilleşip, her bir ýüze çykýan kesellere garşy ösümliklerden alynýan jana şypa beriji dermanlaryň döredilmegine getiripdir. Halk medisinasynda, şeýle hem häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamynda ulanylýan derman serişdeleriň biri hem buýan köki hasaplanýar.
Buýan – dünýä ýüzünde “lakrisa” ady bilen meşhur bolan dermanlyk ösümlikdir. Aslyýetinde lakrisa – bu buýanyň bir görnüşi bolan süýji buýandyr. Onuň dürli hili dermanlyk häsiýetleriniň bolanlygy üçin Gadymy Hytaýda bu ösümligi 50 sany iň wajyp dermanlyk ösümlikleriň hataryna goşupdyrlar. Onuň süýjümtik tagamynyň bolmagy bolsa saglygy bejeriş işleriniň has-da oňaýly bolmagyna getiripdir. Buýanyň dermanlyk häsiýetine eýe bolan biologik işjeň maddalar onuň kökünde jemlenendir.
XIX asyryň ahyrlarynda derman senagaty ulgamynda uly öwrülişik bolýar. Bu döwürde iňlis oýlap tapyjysy – farmakolog buýan kökünden süýjüleri döredýär, bu bolsa Beýik Britaniýanyň, soňra bolsa Skandinawiýa ýurtlarynyň dünýä ýüzünde tanalmagyna getirýär. Bu süýjiler häzirki wagtda hem derman senagaty ulgamynda öz ornuny bermän gelýär, şeýle hem bizi üsgülewükden halas edip gelýär. Süýji görnüşinden başga-da buýan häzirki wagtda derman hökmünde, esasan hem sirop we kök ekstrakty hökmünde giňden peýdalanylýar.
Buýanyň himiki düzümi örän çylşyrymlydyr, onuň düzüminde witaminler, gymmatly makro we mikroelementler, şeýle hem uglewodlar we kislotalar köpdür. Emma onuň esasy baýlygy flawonoidler (ortaça 30-a golaý birleşmeleri bar) hasaplanýar, ol bolsa buýany köpugurly derman serişdesi edýär. Buýanyň düzüminde bar bolan flawonoidler biziň bedenimizde saglygymyz üçin göreşýär. Ýagny, ol kapillýarlary berkidýär we onuň çeýeligini ýokarlandyrýar, bedende bar bolan dürli hili sowuklama hadysasyny aradan aýyrýar we dokumalaryň regenerasiýasyny çaltlandyrýar. Buýanyň antioksidant täsiri biziň immunitetimizi ýokarlandyrýar, allergiýa we infeksiýa bilen göreşmek mümkinçiligimizi has-da artdyrýar. Ondan başgada buýan agyryny aýryjy hökmünde, şeýle hem gastrit we ýazwa ýaly keseller bejerilende peýdalanylýar. Üsgülewük bejerilende hem buýan gadymy döwürlerden bäri peýdalanylýar, onuň dermanlyk häsiýetleri öýken sowuklamasynyň we bronhitiň öňüni almakda täsirli serişde bolup hyzmat edýär.
Buýan köküniň ýene-de bir gymmatly serişdesi – glisirrizindir. Ol buýana süýjümtik tagam berýär. Soňky ýyllarda geçirilen barlaglara görä glisirrizin özüniň gurluşy boýunça böwreküsti mäzlere meňzeşdir. Şol sebäpli ol böwreküsti mäzler bejerilende hem buýan giňden peýdalanylýar.
Häzirki zaman derman senagaty uly möçberde buýan köküni dermanlyk serişdesi hökmünde peýdalanýar we ondan 100-e golaý derman önümleri öndürilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda hem saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamy ýokary ösüş badyna eýe boldy. Bilşimiz ýaly mähriban diýarymyz hem dermanlyk ösümlikleriň dürli görnüşlerine baýdyr. Bu dermanlyk ösümliklerden derman serişdelerini öndürýän dürli hili saglygy goraýyş desgalarynyň sany hem ýyl geldigiçe artýar. Ýurdumyzyň gündogarynda, Amyderýanyň kenarynda eýýäm birnäçe ýyllaryň dowamynda buýan köki öndürilýär. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän buýan oba senagat toplumynda öndürilýän buýan köki ABŞ-a, Ýaponiýa we Günbatar Ýewropa ýurtlaryna eksport edilýär.
Gözel MEREDOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň geografiýa
fakultetiniň talyby.
Teswirler