Bosaga – Täze ýyl

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, taryhy wakalara baý, beýik ösüş-özgerişliklere, şanly ýeňişlere beslenen «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylymyz üstünlikli jemlenip barýar. Bosagada duran Täze — 2024-nji ýylyň güneşli Diýarymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürjek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrjak, ýurdumyzyň şan-şöhratyny indiki belentliklere galdyrjak ýyllaryň birine öwrüljekdigine ynanýarys.

Ýurdumyzda gazanylýan ägirt uly üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler her bir ynsanyň kalbynda guwanç, buýsanç duýgularyny döredýär. Doganlyk-dostluga, parahat ýaşaýşa, agzybirlige uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer syýasaty mähriban halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna, goňşy we dünýä halklarynyň ählumumy parahatçylygyna gönükdirilendir.

Üstümizdäki ýyl hem şanly wakalar bilen taryhyň gatyna altyn harplar bilen ýazylar. Ýurdumyzyň ösüş-özgerişleri bagtyýar, zähmetsöýer halkymyzyň döredijilikli işine uly täsirini ýetirýär. Sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarlylyk, nesillerimizde arassa ahlaklylygy terbiýelemek, şu günki we geljekki ýaş nesillere milli mirasy ýaýmak, raýatlaryň öz hukuklaryna we borçlaryna dogry düşünmekligini gazanmak ýaly işler biziň baş maksadymyzdyr.

Goý, Täze ýylymyz düşümli bolsun, hemmelere bagt, rysgal-bereket getirsin! Eziz watanymyz baky abadan, ilimiz agzybir bolsun! Türkmen halkymyzyň bagtyýarlygynyň, gül-çeçek çagalaryň ýagty geljeginiň hatyrasyna Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Gülara HAŞELOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok