Arkadag şäheri taryha buýsanç

Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan dörän, ilkinji “akylly” şäher bolan Arkadag şäheri bu gün diňe bir gözelligi bilen göwünleri galkyndyrman, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda hem möhüm rol oýnaýar. Gurluşygy dowam edýän ikinji tapgyrynyň açylmagy bilen iş orunlarynyň müňlerçesi peýda boljak Arkadag şäherinde iň öňdebaryjy ýaşlarymyza hem iş orunlarynyň dörediljekdigi aýratyn buýsandyryjydyr.

Türkmen halky taryhda özüniň ilkinji şäher döwletini gurup, Altyndepe, Köneürgenç, Nusaý, Merw ýaly binagärçiligiň ajaýyp nusgalaryny miras galdyrypdyr. Tutuş taryhy özüniň ajaýyp şäherleri bilen haýrana goýan türkmen halkynyň bu gün Arkadag şäherini gurmagy buýsançly taryhymyzyň dowamatydyr. Ekologiýa taýdan arassa, biri-birinden owadan kaşaň binalary görkli, tehnologiýanyň ösen mümkinçilikleri bilen üpjün edilen Arkadag şäheri Türkmenistan Watanymyzyň adyny äleme tanatmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmen adyny äleme tanadýan, il-halkymyzy baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri rowaç alsyn.

Batyr HAMRAÝEW,

Türkmenistanyň Serhet institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok