Ajaýyp baýramyň täsirli aýratynlyklary

  • Dünýäniň ençeme ýurtlarynda Täze ýyl baýramynda iň ýörgünli hasap edilýän hoşboý ysly goşundy imbir (zenjebil) bolup durýar. Ikinji ýerde wanil we dalçyn hasap edilýär.
  • 1895-nji ýylda Amerikada Täze ýyl arçasyny bezemekde ulanylýan reňkli çyrajyklar oýlanyp tapylypdyr we ol meşhur “Ak tamyň” öňünde gurnalypdyr.
  • Eskimoslar Täze ýyl baýramyny ilkinji gar ýagan gününde belleýärler.
  • Baýramçylyk feýerwerkleriniň gelip çykyşy Aziýa ýurtlarynyň irki ýerli halklaryndan gaýdýanlygy bilen baglanyşdyrylýar.
  • Merjimekden taýýarlanylan suwuk tagam (çorba) braziliýaly her bir adam üçin baýlygy we bolçulygy alamatlandyrýan täze ýyl nahary hasaplanylýar.
  • Irki wagtlarda bu baýramçylyk Gadymy Rimde mart aýynda bellenipdir.
  • Dünýäniň iň beýik emeli Täze ýyl arçasy Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde ýerleşýär, onuň beýikligi 76 metre deňdir.
  • Ilkinji Täze ýyl gutlag haty 1843-nji ýylda London tipografiýasy tarapyndan çap edilipdir.
  • 755-nji ýyla çenli ýylyň başy 25-nji dekabr diýlip hasaplanan Fransiýada 1564-nji ýylda ýylyň başy hökmünde 1-nji ýanwar kabul edilipdir.
  • Gollandiýada Täze ýyl saçagynda tegelek görnüşli köke, süýjüliklere uly orun berilýär, ýagny olar şeýle görnüşli süýjülikleriň ýylyň bir aýlawyny aňladýar diýip düşündirýärler.
  • Ýewropa ýurtlarynyň arasynda Daniýa baýramçylyk arçasynyň iň köp satylýan ýeri hökmünde bellidir.
  • Baýramçylyk gutlag hatlarynyň we sowgatlarynyň iň köp satylýan ýeri bolsa ABŞ hasaplanylýar.
  • Gresiýada Täze ýyl gijesi her bir maşgalada öýe üstünlik getirýändigini alamatlandyrýan nar ýere urlup döwülýär.
  • Arça agajy XVII asyrdan bäri Täze ýyl baýramynyň esasy nyşanlarynyň biri hasaplanylyp gelinýär.
  • Ýaponiýada baýramçylyk saçagynda kelem, noýba, kaştan we işbil hökmany bolaýmaly iýmitler hökmünde görülýär. Olar kelem – bagt, noýba – saglyk, kaştan – üstünlik, işbil – köp zürýat diýip ynanýarlar.
  • Täze ýyl gijesinde Tibetde ýoldan geçip barýanlara bir bölek süýjülik, köke önümleri paýlanylýar we şol paýlanan süýjülikleriň sany näçe köp bolsa, onda ol täze ýylyň hem şonça rysgal-bereketli boljakdygyny alamatlandyrýar.

Sultan RAHMANOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok