Asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň milliligi hökmünde taryha giren, beýik hanlaryň, şalaryň, begleriň syrdaşy bolan bedew atlarymyzyň ady bu günki berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has hem belende galdyrylýar. Gahryman Arkadagymyz özüniň “Ganatly bedewler”, “Atda wepa-da bar, sapa-da”, “Gadamy batly bedew”, “Ahalteke bedewleri biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” ýaly ençeme kitaplarynda ahalteke bedewlerimiziň waspyny özüniň beýik sözleri bilen ýetirýär.
Görogly begiň Gyraty, Hezreti Alynyň Düldüli, Gahryman Arkadagymyzyň Akhan bedewiniň taryhda goýan öçmejek yzlary dünýäde ahalteke bedewlerimiziň gözelligini, wepalylygyny, çydamlylygyny, gyz gylykly naýbaşylygyny ýene bir gezek ykrar edýär.
Ýurdumyzda ahalteke bedewlerimiziň baýramynyň uludan tutulmagy behişdi bedewlerimiziň aýratyn sarpalanýandygynyň alamatydyr. Gamyşgulak bedewlerimiziň adyny şöhratlandyrýan, arşa galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Hoşgeldi TORYÝEW,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň talyby.
Teswirler