Täze ýylym – ak arzuwym!

Täze ýyl – bu ýer ýüzüniň ynsanlaryny bir supranyň başyna jemleýän jadyly baýramçylyk. Çagalar bilen bir hatarda uly ýaşly adamlar hem ýyly uly üstünlikler bilen jemlemäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Ýyllar boýy dowam edip gelýän täze ýylyň asylly ýörelgesine eýerip, Aýazbabadyr Garpamyk joşgunly baýramyň dabarasyny has-da artdyrýar. Zer lybasyna beslenen täze ýyl arçasynyň töwereginde şadyýan çagalar bilen el tutuşyp aýlanmak, ertekileriň jadyly dünýäsine alyp gidýär.  

Täze ýylyň bosagasynda durup, ýetilen menzillere göz aýlamak, öňde täze maksatlara gol bermek ynsan ömrüne many berýär. Tebigatyň täsin peşgeşi bolan ak garlar Zemine tarap ugur alanda, ýüzlerde biygtyýar ýylgyryşlar peýda bolup, ýürekler ýylaýar. Olar ak arzuwlaryň wysallaryna çalym edýär…  

Tamamlanyp barýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyz sanlyja günlerden taryhyň altyn sahypalaryna zer harplar bilen ebedilik ornaşar. Geçilen menzillere göz aýlanyňda bu ýylda asyra barabar işleriň durmuşa geçirilendigine aýdyň şaýat bolýarsyň. Geljek ýylda hem bize Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmak üçin möhüm wezipeler garaşýar.

Goý, bu Täze ýyl hem her bir türkmen ojagyna bagt, saglyk, agzybirlik, rysgal-döwlet alyp gelsin!  

Pirnepes KADYROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok