Pähim paýhas ummany – Magtymguly Pyragy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady tutulan döwletli başlangyçlar mynasyp dowam etdirilýär. Ýaş nesilleriň giň dünýägaraýyşly, beden we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri, Watana söýgi, wepalylyk ruhunda terbiýelenmekleri ugrunda beýik işler bitirilýär. Halkymyzyň dana şahyry, ussat Magtymguly Pyragynyň ölmez-ýitmez eserleri bolsa ýaş türkmenistanlylaryň dana pederlerimize mynasyp nesiller bolup ýetişmekleri ugrunda bahasyna ýetip bolmajak genji-hazyna bolup durýar.

Paýhasly Pyragynyň setirlerinde öňe sürülýän pikirler, orta atylýan meseleler, berilýän öwüt-ündewler örän çuň mana eýelenen. Ol setirlere akyl ýetirip, aňlamak bolsa her bir okyja başardýan iş däl. Şahyryň: “Magtymguly, gizle syryň bar içde” diýip belleýşi ýaly, entek şahyryň şygyr şalygynyň içinde üsti açylmadyk syrlar kän.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda şeýle ajaýyp gymmatlygyň tutuş adamzada ýetirilmegi üçin taýsyz tagallalar alnyp barylýar. Milli mirasymyzy sarpalap, medeni gymmatlyklarymyzy barha dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun. Tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!   

Gunça AKMURZAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok