Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen ynamly öňe barýan ýurdumyz bütin dünýäniň nazaryny özünde jemleýär. Günsaýyn uly özgerişlere eýe bolýan Watanymyzda ýaş nesillere berilýän üns-alada, bildirilýän uly ynam olaryň ýagty gelejegiň hakyky eýeleri bolup ýetişmeklerine şert döredýär. Ýaşlaryň pederleriň ýol-ýörelgelerine eýerýän, päk ahlakly, ylymly-bilimli, maksadaokgunly, zähmetsöýet ynsanlar bolmaklary üçin döwlet derejesinde möhüm işler alnyp barylýar. Bu ugurda türkmen ýaşlary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hut özlerinden görelde alýarlar.
Türkmen halkynyň göz guwanjy, milli buýsanjy, ruhy daýanjy bolan dana şahyrymyz Magtymguly Pyraga, onuň bahasyna ýetip bolmajak gymmatly mirasyna uly sarpa goýýar. Her bir türkmen ojagynda akyldar şahyryň dürdäne şygyrlary ýaşlary terbiýelemekde uly mekdep bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz özüniň kitaplarynda, taryhy çykyşlarynda beýik şahyrymyzyň şahyrana şygyrlaryna yzygiderli ýüzlenýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz biz ýaşlara akyldar şahyrymyzyň goşgularyny içgin öwrenmeklige giň mümkinçilikleri döredip berýär. Çeper edebiýata uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris.
Ruslan KURBANBAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler