Türkmen ilim şanly toýa barýar

Toýlaryny goşa-goşadan bellemek türkmen iline indi däp bolupdyr. Jemlenip barýan “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” goşa-goşadan bellenen toýlar hem sözümiziň aýdyň mysalydyr. Gahryman Arkadagly, Arkadagly Gahryman Serdarly bagtyýar halkymyz täze 2024-nji ýylda türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň şanly 300 ýyllyk toýuna barýar.

Özüniň ajaýyp şygyrlary bilen halkyň kalbynda müdimi orun alan beýik akyldara goýulýan sarpa gün-günden belende galýar. Gahryman Arkadagymyz özüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” goşgusynda şeýle belleýär:

“Üç asyryň dowamynda geçen ýoly uludyr / Halkynyň hem adamzadyň sadyk syddyh guludyr / Hemişe we hemme ýerde şol bir Magtymgulydyr / Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy / Onuň alyjenaby Magtymguly Pyragy”.

Diňe türkmen iliniň däl, dünýä halklarynyň göwünleriniň melhemi kalplarynyň şygary bolan beýik Pyragynyň şygyrlaryny öz sözleri bilen wasp eden Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp şygry hem tutuş türkmen iliniň ýürekleriniň buýsanjyny bildirýär.

Magtymguly Pyragynyň şanly 300 ýyllyk toýunyň dabaralarynyň şu günlerden dowam etmegi, geljek ýyl üçin görülýän taýýarlyklar hem akyldara goýulýan çäksiz sarpadan nyşan.

Söz äleminiň serweri beýik akyldar Magtymguly Pyragyny tirsegine galdyran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

Mähri AKMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok