Täze ýyl arzuwlary

Bosagada täze ýyl. Täze ýyl täze ýeňişleriň, süýji arzuwlaryň, umydyň, şatlygyň baýramy. Täze ýylda bir-birege berilýän ajaýyp sowgatlar hemmeleri begendirýär. Täze ýyl sowgatlarynyň manysyny çuňlaşdyrýan, bagtyýar pursatlaryň ýakymyny paýlaýan esasy zat bolsa täze ýyl arzuwlary.

Biz hem täze 2024-nji luw ýylynda eziz Watanymyzyň belent sepgitlere ýetmegini, asmanymyzyň asuda, zeminiň abat bolmagyny arzuwlaýarys. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, jan saglyk, il-ýurt, umumadamzat bähbitli işlerinde rowaçlyklaryň ýar bolmagyny dileýäris. Her bir türkmen ojagynda bagtyýarlyk höküm sürsün. Öýlerde gazanlar diňe toýlara atarylsyn, çaga gülküsi zeminde belentden ýaňlansyn.

Ähli türkmen halkyna jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar durmuş, asuda Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşup zähmet çekmegi, täze ýylyň täze üstünlikler, täze bagt, täze üstünlikler bilen törlerine geçip diňe ajaýyplyklary bilen begendirmegini arzuw edýäris.

Gahryman Arkadagymyzyň setirlerinde belleýşi ýaly: “Ýaşasyn, parahat durmuş!”

Maýsa ALLABERDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok