USAID sanly we çap neşirini resmi taýdan işe girizýär

ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) ‘Merkezi Aziýanyň Zenan Senetçileri: A Lookbook Journey (Syýahat kitaby)’ atly sanly we çap neşirini resmi taýdan işe girizýär. Bu ýygyndyda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň 50-den gowrak Merkezi Aziýanyň zenan senetçileriniň öndüren ajaýyp önümlerini dünýä bazaryna çykaryp, özüniň ajaýyp ussatlygyny görkezmek bilen dürli kärhanalardyr hem-de telekeçiler üçin täze söwda mümkinçiliklerini döredýär.

“LookBook” syýahat kitaby wirtual görnüşde dünýäň islendik ýerinde elýeterli bolup, ol bu hünärmenlere ýerli we halkara derejesinde öz hünärleriniň habarlylygyny we ykrar edilmegini ýokarlandyryp, dünýä derejesinde öz işini ösdürmäge mümkinçilik berer.

“LookBook” syýahat kitaby USAID-iň Merkezi Aziýa Söwda Maksatnamasynyň (TCA), Smitson institutynyň we ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň Hukuk bölümi Söwda Hukuklaryny Ösdüriş Maksatnamasy (CLDP) bilen Gazagystanda Hünärmenler bileleşigi bilen amala aşyrylan hyzmatdaşlykdyr.

Taslama topary “LookBook” syýahat kitabyny döretmekden başga-da, senetçilik marketing strategiýalary we senetçilik tejribelerini we kärhanalaryny ösdürmek üçin “LookBook” syýahat kitabynyň ulanmagyň iň oňat usullary boýunça wirtual we şahsy okuwlar hem geçirdi.

“Merkezi Aziýanyň Zenan Senetçileri: A Lookbook Journey (Syýahat kitaby)” ykdysady ösüşe, medeni mirasy gorap saklamaga we zenan-gyzlara ýardam bermek bilen bir hatarda USAID-iň Merkezi Aziýadaky gender deňligiň hem ýaýbaňlandyrylmagy ugrundaky ygrarlylygynyň subutnamasydyr.

Safiýa SULTANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok