Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 15,63 milliard manatdan geçdi

Şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 15 milliard 632,94 million manatdan geçdi. 2023-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 14 milliard 192 million 319 müň 217 manada ýetdi.

Merkezi bankyň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda “Elektron-söwda” ulgamlary arkaly 1 milliard 21 million 74,4 müň manatdan gowrak söwda edilip, “Mobil bank” ulgamy arkaly 15 million 879,1 müň manatdan gowrak nagt däl hasaplaşyklar amala aşyryldy.

Şeýle hem, bankomatlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 346 million 783,7 müň manatdan we “Internet bank” ulgamy arkaly 1 million 856,6 müň manatdan geçdi.

Mundan başga-da, bankyň mälim eden maglumatlaryna görä, “Halkbank terminal” ulgamy arkaly 55 million 30,01 müň manatdan gowrak nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy.

Merdan HAKNAZAROW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok