Mälim bolşy ýaly, Täze 2024-nji ýylyň gelmegine sanalgyja gün galdy. Häzir tutuş ýurdumyz boýunça täze ýylyň öňýanyndaky söwdalar gyzgalaňly häsiýetde dowam edýär.
Bazarlar we söwda nokatlary azyk hem-de oba hojalyk önümleriniň bolçulygy bilen begendirýär. Baýramçylyk söwdalary ter miweleri, gök önümleri, peýnirleri, şöhlatlary we deňiz önümleriniň tagamlaryny hödürleýär. Täze ýyl desterhanynyň esasy tagamy bolsa etden we guşlardan taýýarlanylan gyzgyn naharlar bolmagynda galýar. Ýurdumyzyň önüm öndürijileri et önümleriniň islendik görnüşlerini hödürleýärler.
Dürli arçalar hödürlenilýän bazarlar we sowgatlar satylýan dükanlar täze ýyl önümleriniň bolçulygyny döredýär. Şol ýerlerde 2024-nji ýylyň nyşany bolan ýumşak oýnawaçlaryň, şuňa meňzeş beýleki önümleriň hem-de arça bezegleriniň köp görnüşleri bar.
Türkmenistanyň süýji-köke öndürýän esasy kärhanalary täze ýyl mynasybetli ýörite özboluşly gaplara gaplanan süýjülikli täze ýyl sowgatlaryny çykardylar. Baýramçylyk günlerinde daş-töwerekde ähli zat üýtgeşik ýalpyldyly öwşün atyp, kalbyňa ajaýyp şatlygy bagyş edýär.
Näzikjemal ÇARYÝAROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler