Mary welaýatynyň daýhan birleşikleriniň we daýhan hojalyklarynyň ekerançylary bugdaýyň, pagtanyň bereketli hasyllaryny ýetişdirmek bilen birlikde ýylyň aralyk ekini bolan gant şugundyrynyň köp mukdaryny öndürmekde hem tapawutly netijeleri gazanýarlar. Bu datly önümi Baýramaly etrabynyň ýer eýeleri-de göz öňünde tutulan tonnalardan has köp kemala getirýärler. Ýurdumyzyň her bir şanly toý-baýramlaryny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylaýan işeňňir adamlar şu günler gant şugundyryny ýygmaklygy guramaçylykly dowam etdirýärler.
Häzirki wagtda daýhanlaryň getiren datly önümi ýük terezisinde ölçenilip, onuň eýelerine doly maglumatlar gowşurylýar. Nokada tabşyrylan hasyl bolsa günübirin “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň zawodyna daşalýar. Önümi daşamakda bu kärhananyň kuwwatly ýük awtoulaglary bökdençsiz işledilýär. Gant şugundyryny köp tabşyrmakda “Täze ýol”, “Türkmenistan”, “Täze durmuş” daýhan birleşikleri tapawutlanýarlar.
Ýerden alynýan beýleki hasyllar ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň gant şugundyry hem rysgal-döwletli boldy. Munuň şeýledigini ýer eýeleriniň her gektardan 30 tonna golaý hasyl alandyklary aýdyň şaýatlyk edýär. Zähmetsöýer ekerançylar daýhana döwlet tarapyndan uly-uly goldawlar edilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş aýdýarlar.
Sona ARAZGELDIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler