Kuwwatly Watanyň bilimli nesilleri

Garaşsyz Türkmenistanymyzyň daýanjy bilimli nesiller. Ýurdumyzyň kuwwatyny artdyrmakda ýaşlaryň ylmyň täze gazananlaryny özleşdirmegi, dünýä dillerini kämil bilmegi, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarmagy ýaly möhüm borçlary durýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda ylmyň-bilimiň ösdürilmegi ugrunda uly işler alnyp barylýar.

Baýry ýokary okuw jaýlarynyň biri bolan Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda soňky ýyllarda açylan türkmen dili we edebiýaty hünärini talyplara öwretmekde-de professor mugallymlar ýadawsyz zähmet çekýär. Her ýylda geçirilýän ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän ders bäsleşiklerinde talyplaryň ýokary netijeleri gazanmagy sözümiziň aýdyň mysalydyr. Ine “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” hem ýokary okuw mekdepleriniň arasynda yglan edilen ders bäsleşiginde türkmen dili dersi boýunça institutymyzyň türkmen dili we edebiýaty hünäriniň 5-nji ýyl talyby Ummadowa Şemşat bilen türkmen dilini okatmagyň usulyýeti hünäriniň 4-nji ýyl talyby Kakyşowa Gülçemen 2-nji orny, türkmen dili we edebiýaty hünäriniň 3-nji ýyl talyby Hudaýýarowa Ogulgerek 3-nji orny eýelediler.

Bu üstünlikler institutymyzyň türkmen dili kafedrasynyň mugallymy Gurbangül Myradowanyň talyplara ene dilimiziň grammatikasyny we türkmen edebiýatyny öwretmekde edýän yhlasynyň ýerine düşendiginiň alamatydyr.

Biz talyp ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn.

Aýmele IÝÝUPOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok