Unaş — gadym döwürlerden bäri halk lukmançylygynda ulanylyp gelinýän tagam. Unaşy irki döwürlerde ene-mamalarymyz saglyga peýdaly tagam hökmünde ulanypdyrlar, ol häzirki günlerde hem şeýle. Unaş türkmen milli tagamlarynyň arasynda naýbaşylarynyň biri hasaplanylýar. Mäşli, noýbaly, ajy burçly unaş iýen adam nähoşlap, dümewlän hem bolsa gowy derläp, dertden tiz gutulýar. Saçaga äberilen taýýar unaşa gaýmak ýa-da süzme, ownujak dogralan gök otlar goşulsa, has-da tagamly, ýokumly bolýar. Şeýle-de nahara narpyz sepilse, gowy ys berýär.
Unaşyň iýmitlik we ýokumlylyk gymmaty tagam taýýarlanylanda onuň düzümine goşulan önümleriň düzümine baglydyr. Unaşa goşulýan gyzyl burçuň düzümindäki С witamini sitrus miwelerindäkiden-de köpdür. Burçuň düzüminde efir ýaglary, B1, B2, С, P witaminleri, kükürt, fosfor, kalsiý, demir, kremniý, hlor, kaliý, karotin, şeker, azotly maddalar, likopin bardyr. Unaş bedeni ýyladýar we açlygy gandyrýar.
Howanyň sowamagy bilen, limon adamlar tarapyndan iň kän sarp edilýän miweleriň hatarynda ilkinji orny eýeleýär. Limon dürli witaminleriň: foliýew hem-de askorbin turşusynyň, pantoten turşusynyň, B1, D, PP, P witaminleriniň çeşmesi bolup, ol adamyň kesellere garşy göreşijilik ukybyny artdyrýar. Onuň etiniň esasy düzümi limon turşusyndan ybaratdyr. Gabygy flawonoidlere, efir ýagyna, pektin birleşmelerine, fitonsidlere baýdyr. Günde säher bilen içilen bir käse limonly çaý adama günüň dowamynda gujurly bolmaga, ýokançlardan goranmaga ýardam berýär, rahatlandyryjy täsiri bar. Şeýle-de miwäniň antiseptiki ähmiýetli häsiýeti hem bellidir. Onuň şiresi ýarany bitirýär, mikroblary ýoklaýar, miwäniň gabygy bolsa içiň ýellenmesiniň öňüni alýar, iýmit siňdirişi sazlaýar.
Limony howanyň salkyn, sowuk günlerinde köpräk iýmeli. Ol ýokanç kesellere garşy göreşiji hökmünde meşhurdyr. Şonuň üçin adam sowuklan, dümewlän halatynda, limon garylan bally çaýy köp içmeli.
Ogulbibi SÄHETMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler