Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň bilelikdäki komitetiniň 22-nji mejlisi Brýusselde geçirildi. Oňa ýurdumyzyň wekiliýeti hem gatnaşdy. Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa Ýewropanyň Daşarky Hereket Gullugynyň (ÝDHG) Dolandyryjysynyň Orunbasary, halkara hyzmatdaşlygy, söwda, energetika, hereket we ulag, howanyň üýtgemegi, daşky gurşaw, şeýle hem gözleg we innowasiýa bilen meşgullanýan Ýewropa Komissiýasynyň dürli müdürlikleriniň düzümleri wekilçilik etdi.
Duşuşykda Türkmenistanyň makroykdysady ýagdaýy we onuň dünýä ykdysadyýetiniň integrasiýasyna ymtylmalary, esasanda ýurduň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmak islegleriniň çäklerinde ýokardaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Energetika we daşky gurşaw meseleleri, gaz eksport strategiýalary, metanyň zyňyndylaryny azaltmak başlangyçlary we wodorod ýaly täzelenip bilýän energiýa çeşmeleriniň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şöhratgeldi ANNAMÄMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler