Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri özüniň uly-uly üstünlikleri bilen gözel diýarymyzyň badyna bat, şanyna şan goşýar. Milli ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda, oba hojalygynda, saglygy goraýyşda, medeniýetde, gurluşyk pudagynda, ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan giň möçberli maksatnamalaýyn işleriň geriminiň giňligi halkymyzyň abadan hem bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine alnyp barylýan tutumly başlangyçlarynyň aýdyň ykrarydyr. Sebitlerde bina edilýän ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy, olaryň döwrebap derejede enjamlaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleler aýratyn üns merkezinde durýar. Milli ykdysadyýetimizi we onuň ähli pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi hem barha artdyrylýar.
Sanly ykdysadyýetiň ylym-bilim üpjünçiligini ösdürmek, sanly tehnologiýalaryň durmuşymyzdaky ornuny artdyrmak hem zerur şertleri döretmek, ygtybarly maglumat goraglylygyny üpjün etmek ýaly wezipeler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda gazanylan tejribeler durmuşyň ähli ugurlarynyň ösmegine uly itergi berýär. Ýurdumyzda ykdysadyýeti sanlylaşdyrmakda ilkinji wezipeleriň hatarynda ýurduň tutuş ykdysady, maliýe ulgamlarynyň ösüşine uly üns berilýär. Sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy arkaly has köp zähmeti talap edýän işler doly derejede awtomatlaşdyrylýar we netijeliligi ýokarlandyrylýar. Şeýle işler bolsa ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşine gönüden-göni täsir edýär. Kemala gelýän ýaş hünärmenleriň sanly ykdysadyýetiň möhüm ähmiýete eýe bolan innowasion tehnologiýalaryndan doly baş çykaryp bilmekleri häzirki döwrüň möhüm talabydyr. Döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan maksatnamalaýyn işlere laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-barlag institutlarynda, ylmy-tehnologik hem-de ylmy-taslama merkezlerinde dürli ugurlar boýunça döwrebap ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzyň zehinli ýaşlary himiki tehnologiýalar, nanotehnologiýalar, ylmy barlaglar, biotehnologiýalar, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-kommunikasiýalar, innowasion ykdysadyýet ulgamlarda netijeli işleri alyp barmaklykda işjeň gatnaşýarlar. Türkmen ylmyny ösdürmegiň çäklerinde IT-tehnologiýalara esaslanan netijeli, durnukly sanly bilim ulgamyny kemala getirmäge, dünýäniň öň¬debaryjy tejribesine laýyklykda ylym bilen önümçiligiň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berdi.
Oňyn özgertmeleriň amal edilýän döwründe ýurdumyzda “Açyk gapylar” syýasaty üstünlikli dowam etdirilýär. Dünýä halklary bilen ýola goýlan dostana gatnaşyklar has-da berkeýär, dünýäniň ençeme abraýly halkara guramalary bilen köpugurly oňyn hyzmatdaşlygy ýola goýuldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwerlige, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty täze üstünlikler bilen dabaralanýar. Durnukly ösüş maksatlary, derwaýys sebit meseleleri boýunça daşary syýasy başlangyçlarymyz döwletimiziň dünýä jemgyýetçiliginiň umumadamzat ähmiýetli çözgüdine anyk goşant goşýandygyny äşgär edýär. Ata ýurdumyzyň daşary syýasatynyň, türkmen diplomatiýasynyň binýadyna düşünmekde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary möhüm görkeziji bolup çykyş edýär.
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler