Daşky gurşawy goramakda ýurdumyzyň başlangyçlary

Bilşimiz ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň 2023-nji ýyldaky Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasy ýa-da has köp СOP 28 ady bilen tanalýan BMG-nyň 28-nji Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasy şu ýylyň 30-njy noýabryndan 13-nji dekebr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilipdi. Bu konwensiýanyň esasy maksady hökümetleriň global temperaturanyň ýokarlanmagyny çäklendirmek we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly täsirlere uýgunlaşmak syýasatlary barada ylalaşmakdyr.

Bu Çarçuwaly konwensiýa gatnaşýan döwletleriň arasynda biziň Watanymyz Türkmenistan hem özüniň birnäçe tekliplerini öňe sürmek bilen çäklenmän, ony durmuşa geçirmekde netijeli kararlary kabul etdi. Ýeri gelende belläp geçsek, 2021-nji ýylyň noýabrynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Şotlandiýanyň Glazgo şäherinde geçen СOP 26 sammitinde çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň metan gazlarynyň zyňylmagynyň kemeldilmegine Milli derejede aýratyn üns berýändigini we şunuň bilen baglylykda, “Metan boýunça Bütindünýä borçnamasyny” makullaýandygyny beýan edipdi. Şonda Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňylmagynyň nol dereje ösüşini gazanmagy meýilleşdirýändigi, uzak möhletleýin geljekde bolsa – hem öz serişdeleriniň hasabyna, hem halkara guramalarynyň tehniki we maliýe taýdan goldamagynda her ýylda zyňylmalary ep-esli azaltjakdygy bellenilipdi. Munuň esasynda bolsa, şu ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça ýokary derejeli topary  döretmek hakynda karara gol çekdi. Şunuň ýaly karar Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi we ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda emele gelýän parnik gazlarynyň möçberini yzygiderli azaltmak boýunça Milli strategiýasyna gabat gelýär.

Mundan başga-da Hormatly Prezidentimiz 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça “Ýol kartasyny” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Bellenişi ýaly, bu resminama daşky gurşawy goramak baradaky halkara borçnamalardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, şol sanda zyňyndy gazlarynyň möçberini azaltmak boýunça ýurdumyzda Pariž ylalaşygyny durmuşa geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmekde dünýäniň ösen döwletleri, abraýly halkara guramalar we iri kompaniýalary bilen giňden halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen kabul edildi. 

Hormatly Prezidentimiz СOP 28 sammitinde eden çykyşynda bolsa, halkara we milli derejede maksada okgunly işi dowam etdirmegiň zerurdygyny, bu bolsa howanyň üýtgemegine we onuň netijelerine garşy göreşmekde mundan beýläk-de ösüşi üpjün etmäge ýardam berjekdigini belledi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz borçnamadan gelip çykýan şertleri iş ýüzünde ýerine ýetirmäge gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde halkara guramalar, hyzmatdaş döwletler bilen gündelik hyzmatdaşlygy dowam etdirýändigini , ýurdumyzyň Merkezi Aziýada howa meselelerini çözmek boýunça köp ýyllaryň dowamynda ilerledýän giň halkara hyzmatdaşlygy bilen baglylykda, şu ýylyň 13-nji noýabrynda sebit maksatnamalaryny işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini, şol sebit maksatnamalary bolsa howa tehnologiýalaryny Türkmenistana we Merkezi Aziýa döwletlerine geçirmäge gönükdirilendigini belläp geçdi. Bu resminama Türkmenistanda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini açmak baradaky meselä jikme-jik garamak üçin ilkinji ädim hem-de düýpli hukuk şerti hökmünde garaýandygyny, Türkmenistanyň milli bähbitlerini nazara alyp, Emirlikler Jarnamasynyň maksatlaryna ýetmek üçin gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen oba hojalygy, ekologiýa, energetika, maliýe, saglygy goraýyş ulgamlarynda sebit we ählumumy derejede hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygyny belledi hem-de Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Häzirki wagtda bu borçnama dünýäniň 150-ä golaý döwleti goşuldy.

Adolat KURANBAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok