Balkan welaýatynyň oba hojalyk işgärleri döwlet harmanyna dänäni, «ak altyny», gök-bakja önümlerini tabşyrmakda ýokary görkezijilere eýe bolmak bilen, bellenilen şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmegi başarýarlar. Şu ýyl welaýatyň Magtymguly etrabynyň ussat kärendeçileri Watan harmanyna dänäniň bol hasylyny tabşyryp, ýokary üstünlikler gazandylar.
Esasan-da, Gyzylarbat etrabynyň çägindäki Garagum derýasynyň boýunda ýerleşýän ekin meýdanlarynda işler talabalaýyk ýola goýuldy. Tejribeli oba hojalyk işgärleri Şöhrat Hojagylyjow, Arslan Garajaýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän «Daýhan ädim» daýhan hojalygynyň kärendeçileri ýylyň-ýylyna şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen tabşyrmakda köplere görelde bolýarlar.
Daýhan hojalygynyň kärendeçileri geçen ýyl derýanyň boýundaky ekin meýdanlarynyň 3 müň 200 gektaryna bugdaý ekdiler. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri ýokary derejede alnyp baryldy we ol ýerden bol hasyl alnyp, şertnamalaýyn borçnama 150 göterim berjaý edildi. Tamamlanyp barýan şu ýylda bolsa, daýhan hojalygynyň kärendeçileri 3 müň 300 gektar ýere bugdaý ekdiler. Gyş günleriniň dowam etmegi bilen kärendeçileriň iş-aladalary has-da artdy. Ekin meýdanlarynda gyş möwsüminde geçirilmeli agrotehniki çäreler gyzgalaňly dowam edýär. Suw tutmak, ýerleri dökünler bilen iýmitlendirmek we beýleki çäreler agrotehnikanyň talaplaryna laýyk alnyp barylýar. Gök öwsüp oturan bugdaýly meýdanlar geljek ýyl hem bol hasyl alynjakdygyndan habar berýär.
Nurgözel ANNAMYRADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler