«Arkadag» topary Türkmenistanyň Kubogynyň finalyna ilkinji bolup çykdy

«Arkadag» toparynyň oýunçylary ýarym finalda geçen iki duşuşygyň netijesi boýunça paýtagtyň «Altyn asyr» toparyny ýeňip, Türkmenistanyň Kubogynyň finalyna ilkinji bolup çykdylar.

Bu toparlaryň ilkinji oýnunyň myhmançylykda oýnan «Arkadag» toparynyň 4:1 hasabynda ýeňşi bilen tamamlanandygyny ýatladýarys. Aşgabadyň Büzmeýin etrabynyň «Sport toplumy» stadionynda geçen jogap oýnunda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň topary azyndan üç gol tapawut bilen ýeňiş gazanmalydy.

Emma beýle bolmady. Eýýäm 3-nji minutda Nazar Töwekgelow «Arkadag» toparyny 1:0 hasabynda öňe çykardy. Ýigrimi minutdan soň Begmyrat Baýow netijäni iki esse artdyrdy. 38-nji minutda bolsa Begenç Akmämmedow üçünji pökgini tora girizdi, şeýlelikde, toparlar oýun 3:0 hasabynda «Arkadag» toparynyň peýdasynaka arakesmä çykdylar.

Emma Wladimir Baýramowyň şägirtleri munuň bilen çäklenmediler. Oýnuň 70-nji minudynda Roman Galkin «Altyn asyryň» derwezesine ýene bir pökgi girizmek bilen, netijäni gutarnykly etdi – 4:0.

Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň özeni bolan «Arkadag» futbol kluby 2023-nji ýylda döredildi we özüniň milli çempionatda ilkinji gezek çykyş edýän ilkinji ýylynda çempionlygy möhletinden öň gazandy. Indi bolsa döwlet ähmiýetli adybir şäheriň topary şu ýyl ikinji kubogy gazanmaga ýakyn geldi.

Türkmenistanyň Kubogynyň – ähmiýeti boýunça ikinji milli ýaryşyň finalynda «Ahal» – «Merw» toparlarynyň oýnunyň ýeňijisi «Arkadag» toparynyň garşydaşy bolar. Bu toparlaryň ilkinji oýny Maryda bolup, 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlandy. Ikinji oýny 21-nji dekabrda «Ahalyň» meýdançasynda geçirmek meýilleşdirilipdir.

Sapa SUWHANOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok