2024-nji ýylda Belgiýada ulag ulgamynda maýa goýum forumy geçiriler

2024-nji ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Belgiýanyň paýtagtynda ulag ulgamynda maýa goýum forumy geçirilýär. Bu foruma türkmen tarapy hem gatnaşmaga çagyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, Halkara we sebit derejesinde ulag-logistika ulgamyny ösdürmek, onuň häzirki zaman şertlerine görä hereket etmegini gazanmak üçin Türkmenistan tarapyndan ulag ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlar dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda durnukly ulag ulgamyny ösdürmek boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki belent abraýyndan habar berýär.

Ulag diplomatiýasy biri-biri bilen ýakyndan baglanyşykly bolan birnäçe ugry özünde jemleýär. Muňa ýurduň üstaşyr ýük we ýolagçy gatnawlaryny geçirmek babatda çäkdeş ýurtlar bilen ylalaşyklary baglaşmak, zamanabap awtomobil, demir ýollary gurmak, howa we deňiz-derýa gatnawlaryny döretmek, şol ýollardan üstaşyr ýükleri we ýolagçylary gatnatmagyň şertlerini ylalaşmak ýaly ugurlary mysal getirmek bolar. Bu ugurda amala aşyrylýan işler Beýik Ýüpek ýoluny häzirki zaman talaplaryna laýyklykda gaýtadan dikeltmekde, ýurdumyzy sebitde iri ulag-logistika merkezine öwürmekde ynamly ädimleri ätmäge mümkinçilik berýär.

Ýusup GAÝYPOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok