Türkmenistanda soňky bäş ýylda satyn alnan halkara internet kanallarynyň umumy kuwwaty 10 esse ýokarlandy. Bu barada 14 -15-nji dekabr aralygynda Ermenistanyň Ýerewan şäherinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrler derejesindäki duşuşygynda bellenip geçildi.
Bu duşuşykda birnäçe innowasiýa we tehnologiki, ulag we logistika infrastrukturasyny güýçlendirmek barada Türkmenistanyň mundan beýläkki ädimleri, bank çözgütlerini birleşdirmek we telekommunikasiýa hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak üçin ikinji milli aragatnaşyk hemrasyny uçurmagy meýilleşdirildi. Mundan başgada erkin ykdysady zolaklary işjeňleşdirmek we ykdysady gurluşyň dürlüligini höweslendirmek üçin senagat toparlaryny döretmek we gözleg hem-de ösüş taslamalaryna maýa goýumlarynyň ep-esli artdyrylmagy meýilleşdirilýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanda internet ulanyjylarynyň sany 3 milliondan geçdi, bu bolsa 2019-njy ýyldakydan 20% köpdir.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew 2015-nji ýyldan 2021-nji ýyla ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň ösüşi üçin 48 milliard manatdan gowrak maýa goýlandygyny aýtdy.
Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ýurdumyzda alynyp barylýan işler barha kämilleşdirilýär, ulag we aragatnaşyk ulgamy bolsa, ösüşiň durnuklylygyny, söwdanyň şeýle-de hyzmatdaşlygyň ösüşini pugtalandyrmakda uly orun eýeleýär.
Gunça Baýramdurdyýewa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we Informatika Institutynyň
1- nji ýyl talyby.
Teswirler