Günüň dowamynda 2 litr suw içmek adam saglygyna örän peýdalydyr. Ir bilen ajöze içilen suw, ilki bilen, bokurdaga soňra içegelere ýygnanan ownuk hapalary ýuwup aýyrýar. Iýmit siňdirişi kadalaşdyrýar. Suwy ilki gaýnadyp soňra içmelidir. Suwuň gaýnamagy bilen onuň düzümindäki adam saglygyna zyýan ýetirýän käbir maddalar aýrylýar. Suw ýer ýüzünde iň köp içilýän içgidir. Tomus paslynda howanyň çenden aşa gyzmagy bilen derlemek esasynda adam bedeni suwy köp sarp edýär. Şeýle hem tomus paslynda suwy köpräk kabul etmelidir.
Suw adamlar, jandarlar hem-de ösümlikler üçin zerurdyr. Şonuň üçin hem suw ýaşaýşyň çeşmesine deňelýär. Suw içmegi endik etmek zerurdyr. Beden maşklary ýerine ýetirilende sowuk suw içmek has köp kaloriýany ýakmaga kömek edýär. Suw aşgazan, ýürek, kellagyry ýaly birnäçe keselleriň döremeginiň öňüni alýar. Suw deri keselleriniň hem iň täsirli dermanydyr. Ol wagtyndan öň garramagyň öňüni alýar. Damagyň guramagy, el we aýaklarda ysgynsyzlyk, başaýlanma, kellagyry ýaly birnäçe alamatlar bedeniň suwsuz galandygynyň alamatydyr.
Süleýmanguly GURBANOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler