«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» nobatdaky gezek bäsleşdiler

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hereket edýän Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guramagynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň 4-nji saýlama oýny geçirildi.

«Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty – umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy» atly umumy şygar astynda geçirilýän bu möwsümiň 4-nji oýnuna Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy Ahmet Annaberdiýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Karaýew, şol institutyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Baba Saryýew dagylar eminlik etdiler.

Bäsleşigiň netijesinde Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiniň okuwçysy Medine Myratberdiýewa we Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 17-nji orta mekdebiniň okuwçysy Kürmämmet Nobatow ýeňiji boldylar.

Bäsleşik Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Bäsleşik ýakyn wagtda «Miras» teleýaýlymynda ýaýlyma berler.

Kadyrmyrat ÖWEZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok