Önüm­çi­lik maşk­larynyň ähmiýeti

Önümçilik maşklary — bu iş ýerlerinde ýerine ýetirilýän has ýönekeý fiziki maşklaryň toplumydyr. Olar raýatlaryň işe bolan ukyplylygyny ýokarlandyrmak, saglygyny berkitmek we ýadawlygy aýyrmak hem-de dürli keselleriň (hünär keseliniň, semizligiň we beýlekileriň) öňüni almak maksady bilen, iş gününiň tertibine girizilýär. Önümçilik maşklarynyň toplumy işiň görnüşiniň aýratynlygyny hasaba almak bilen düzülýär.

Önümçilik maşklaryny ýerine ýetirmek köp hünärler üçin zerurdyr. Olary ýerine ýetirmek artykmaç wagty boş sarp etmek däl-de, eýsem wagty tygşytlamak we işiň gidişini çaltlaşdyrmakdyr.

Önümçilik maşklary her bir iş ýerinde çekilýän zähmetiň şertlerini gowulandyrmak, jemgyýetçilik önümçiligiň derejesini ýokarlandyrmak bilen çäklenilmän, eýsem şol bir wagtda zähmetkeşleriň saglygyny berkitmek üçin ýerine ýetirilýär.

Önümçilik maşklary süňkleri, bogunlary hem-de myşsalary pugtalandyrýar. Olaryň çeýeligi ýokarlanýar, hereketliligi hem-de berkligi artýar. Dem alyş myşsalary pugtalanýar, olaryň işleýşi kadalaşýar. Dem alyş ulgamynda duş gelýän keselleriň öňüni almaga mümkinçilik döreýär.

Önümçilik maşklary adamyň immunitetini berkitmäge we işiň görkezijilerini ýokarlandyrmaga kömek edýär. Fiziki taýýarlyk bilen bagly bolan aýratynlykda her bir adamyň öndürijiliginiň ösmeginiň hasabyna zähmet netijeliligi ýokarlanýar.

Selbi WEPAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok