«Donor» latyn sözi bolup, türkmen diline terjime edilende «peşgeş bermek» diýmegi aňladýar. Donor öz ganyny peşgeş berýän adamdyr. Donorlaryň ynsan ömrüni halas etmek üçin öz ganyny bermegi «donorçylyk hereketi» diýlip, atlandyrylýar. Gan tabşyrmagyň peýdaly tarapy diňe bir agyr derde duçar bolan hassa ikinji ömrüň peşgeş berilýändigi bilen baglanyşykly däldir. Munuň özi gan donorynyň özi üçin hem peýdalydyr.
Donorlyk – bedeniň öz-özünden täzelenmeginiň hasabyna juwanlygy saklamak, garrylygy yza tesdirmek üçin şert döreýär. Oňurga ýiliginde bedeniň ähli dokumalaryna we agzalaryna kislorod eltýän gyzyl gan öýjükleriniň, ýagny eritrositleriň öndürilişi işjeňleşýär, sütün öýjükleri döreýär. Olardan ähli beden öýjükleriniň emele gelýändigi mälimdir. Gyzyl gan öýjükleriniň işjeňleşmegi, immunitetiň ýokarlanmagyna ýardam edýär.
Ganyň donorlygy immun, aşgazan-içege ulgamlarynyň işine itergi berýär, bu ulgamlaryň işiniň bozulmagynyň öňüni almaga ýardam edýär. Dürli tebigy ýa-da durmuşda duş gelýän beýleki pajygaly hadysalarda, agyr operasiýalarda ýüze çykmagy mümkin bolan ganyň ýitgisine durnuklylygy ýokarlandyrýar.
Kimdir birine ýagşylyk etmek, haýyr işe şärik bolmak bagty adamyň göwnüni galkyndyrýar, oňa ruhy güýç berýär. Şeýlelikde, hemişe gan tabşyrýan donorlar sagdyn adamlar hasaplanylýar. Ganyň donorlygy hakynda söz açylanda kimiň ganyň donory bolup biljekdigi hakyndaky sowal ýüze çykýar. Elbetde, milletine, jynsyna, ýaşaýan ýerine, durmuş ýagdaýyna garamazdan, 18-60 ýaş aralygyndaky islendik adam (eger, saglygy boýunça gan we onuň düzüm böleklerini tabşyrmaga garşy görkezmeler ýok bolsa) ganyň donory bolup bilýär.
Akmuhammet HUDAÝBERENOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler