Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň döwrebap ylym-bilim almagyna gönükdirilen ähli şertler döredilýär. Çünki döwletimizde bedew batly ösüşleriň gazanylmagynda ylmy özgertmeleriň täsiri diýseň uludyr. Ýaşlarymyň ruhy-ahlak, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berilýär, ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň nurana geljegidir. Häzirki wagtda ylym-bilim ulgamynda sanly özgertmeleriň ençemesi amala aşyrylyp, jemgyýetiň ruhy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşiniň binýady hasap edilýän bilimi kämilleşdirmeklik esasy üns merkezinde saklanylýar. Bilimi kämilleşdirmegiň netijeli ýollarynyň biri-de sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmakdan ybaratdyr, bilim ulgamynda sanly ulgama geçmek işleri giň gerime eýe. Ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artmagy ilkinji nobatda ýurduň bilim ulgamynyň binýadynyň berk bolmagyna, ýaşlaryň ösen düşünjeli, ruhubelent şahsyýetler bolup kemala gelmeklerine esaslanýar. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň ösüşi ylmyň soňky gazananlarynyň, kämil tehnologiýalaryň doly ornaşdyrylyşyna we akylly enjamlary dolandyrmakdan ussatlyk bilen baş çykarýan ylymly, dörediji ýaşlara baglydyr. Bu işler döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan möhüm ugry hökmünde kesgitlenen. “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi Bu bolsa döwletimiziň aýdyň geljegi bolan ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleriň gerimini giňeltmäge uly ýardam berýär. Häzirki zaman kompýuter ulgamy we aragatnaşyk serişdeleri yzygider kämilleşdirilýär, önümçilik awtomatlaşdyrylyp, elektron resminama dolanyşygy ornaşdyrylýar. Eziz Watanymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sport ulgamy üçin ýokary derejeli hünärmenleri, ussat türgenleri taýýarlamak maksady bilen hem netijeli başlangyçlar alnyp barylýar. Bilim edaralarynyň okuw-usulyýet üpjünçiligini gowulandyrmak, şol sanda döwrebap kitaphanalary gurmak arkaly ýokary bilimli, sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak boýunça çäreler giň gerime eýe bolýar. Öwredilýän daşary ýurt dilleriniň gerimini giňeltmek hakyndaky işler bu ugurda nobatdaky möhüm ädimdir. Bu asylly işler halkara hyzmatdaşlygyň çägini işjeň giňeltmek we ýaş nesillere dünýä dillerini has hem çuňlaşdyryp öwretmäge ýol açýar. Beýik Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň goýnunda eziz Watanymyz Türkmenistanda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan şeýle özgertmeler eziz ýurdumyzyň kämil innowasiýalara, ylmyň we tehnikanyň gazananlaryna, ýeten belent sepgitlerine esaslanýan, kämil bilimli, bagtyýar nesilleri bolan batly depginde ösýän döwlete öwrülýändigine şaýatlyk edýär.
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler