Ählumumy derejede metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça umumy tagallalar

Tebigata söýgi, tutuş barlyga bolan mizemez hormat ýaşaýşyň bakylygynyň möhüm şertleridir. Biz tebigata çykanymyzda, ruhumyz göterilýär, sebäbi biz onda öz dünýämize juda ýakynlygyň bardygyny, oňa dahyllydygymyzy duýýarys. Tebigat hakynda söhbet açylanda, hökmany suratda ekologiýa meseleleri barada turuwbaşdan bellemek gerek.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy. Bu barada Dubaýda geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň (COP28) plenar mejlisinde habar berilipdi.

Ählumumy metan borçnamasyna gatnaşýan döwletler ählumumy derejede metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça umumy tagallalara goşant goşmak üçin meýletin hereketleri amala aşyrýarlar. Ýatlap geçsek, 2021-nji ýylyň noýabrynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda Glazgoda geçirilen «COP26» maslahatyna gatnaşmagy möhüm waka bolupdy. Ýokary derejeli forumda türkmen tarapynyň Ählumumy metan borçnamasy boýunça täze başlangyjy goldap, giňişleýin gatnaşmak maksady bilen, ony jikme-jik öwrenmäge gyzyklanma bildirýändigi mälim edilipdi.

Metan atmosferada ähmiýeti boýunça üçünji parnik gazydyr. Ol kömürturşy gazyndan soňra, howanyň ählumumy maýlamagynyň ikinji çeşmesi bolup durýar. Metanyň atmosferada jemlenmeginiň artmagy howanyň gyzgynlyk derejesiniň ýokarlanmagyna we parnik täsiriniň güýçlenmegine getirýär.

Howanyň üýtgemegi baradaky meseläniň halkara gün tertibinde möhüm orun eýeleýändiginden ugur alyp, Türkmenistan bu ugurda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar we pes uglerodly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyzda tebigy gazdan wodorod öndürmegiň taslamalaryny amala aşyrmaga hem ýaşyl ykdysadyýetiň çäklerinde geljegi uly ugurlaryň hatarynda garalýar. Bularyň ählisi Türkmenistanyň ekologik abadançylygy üpjün etmek wezipelerini çözmäge örän jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Ýurdumyz borçnamadan gelip çykýan şertleri iş ýüzünde ýerine ýetirmäge gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde halkara guramalar, hyzmatdaş döwletler bilen gündelik hyzmatdaşlygy dowam etdirer.

Döwletýar ARÇAMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok