Tamamlanyp barýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly taryhy wakalara, şanly senelere, uly üstünliklere beslenip, kalbymyzda ýakymly ýatlamalary galdyrdy. Ýylyň dowamynda durmuşa geçirilen işler, giň gerimli tutumlar abadan ýurdumyzyň ösüşlerini has-da dabaralandyrdy. Başy başlanan döwletli başlangyçlar diňe bir häzirki döwür üçin däl, eýsem, aýdyň gelejegiň hem bagtyýarlygyny gazanmaga gönükdirilen bolup durýar.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly turuwbaşdan adyna mynasyp mazmuna eýe boldy. Türkmen ýaşlarynyň jebisligi, agzybirligi, bagtyýarlygy, ösüşlere sary gadamlarynyň barha batlanýandygy gazanylan netijelerde aýdyň görünýär.
Döwrüň bady bilen aýakdaş barýan türkmen ýaşlarymyzyň dürli ugurlardaky gazanan üstünlikleri, ylmy açyşlary Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant bolup, şanly ýylymyzy has-da dabaralandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda üstümizdäki ýylyň 27-nji dekabrynda gözel paýtagymyzda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynyň baýramçylyk ruhuna beslenen owadan binasynda üstünlikli jemlenýän ýylymyza bagyşlanyp guralan halkara ylmy-amaly maslahatda, sergilerdir dabaralarda ýaşlara uly orun, aýratyn üns berilmegi jemgyýetimiziň ýaş gatlagyny has-da buýsandyrdy.
Watanymyzyň ösüp gelýän ýaş nesilleriniň ylym-bilimde taplanyp, kuwwatly ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda, berk bedenli, sagdyn ruhly nesilleriň kemala gelmeginde gije-gündiz irginsiz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Döwlet SARYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler