Türkmenistanyň wekiliýeti Bosgunlar boýunça ikinji Global forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Bosgunlar boýunça ikinji Global forumyna gatnaşdy. Forum Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirildi.

Duşuşykda türkmen wekiliýetine Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary ýolbaşçylyk etdi. Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurtda alnyp barylýan ynsanperwer syýasaty, migrasiýa meseleleri boýunça durmuşa geçirilýän işleri we halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlygy belläp geçdi.

Şeýle hem çykyşda ýurtda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça kabul edilen 2019 — 2024-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi dogrusynda maglumat berildi.

Ýeri gelende belläp geçsek, türkmen wekiliýetiniň Global foruma gatnaşmagy ýurduň migrasiýa meselelerine jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär.

Nurjemal ATANEPESOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok