Türkmenistanda internet ulanyjylaryň sany üç milliondan geçdi

Häzirki wagtda Türkmenistanda internet ulanyjylaryň sany üç milliondan geçdi, bu bolsa 2019-njy ýyldakydan 20% köpdir.

Soňky bäş ýylda satyn alnan halkara internet kanallarynyň umumy kuwwatynyň on esse ýokarlanmagy bilen görkezilýän internet akymynyň geçirijilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär.

2017-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli döwürde ýurtda plastik kartoçkalaryň we internet-bank mümkinçiligini ulanyjylaryň sany iki esse artdy. Şeýle hem ykjam bankingleri ulanyjylaryň sanynda täsirli ösüşe eýe boldy, olaryň sany 65 esse artdy we 60 müňden gowrak adama ýetdi.

Bu üýtgeşmeler Türkmenistanda köp pudakly sanly çözgütleri öňe sürmekde oňyn netijeleri görkezýär. Şol çeşmede berilýän maglumatda 2015-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň ösüşi üçin 48 milliard manatdan gowrak maýa goýlandygyny aýdylýar. 2022-nji ýylda ýurduň jemi içerki önüminde ulag we aragatnaşyk ulgamynyň paýy 8,8 % boldy, bu 2015-nji ýyldaky 7,4 % görkeziji bilen deňeşdirilende ep-esli ýokarydyr.

Serdar SAPARGULYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok