Hormatly Prezidentimiziň Garabogazköl aýlagynyň üstünden awtomobil köprüsini gurmak hakyndaky Karary esasynda täze köpriniň gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň tomusynda badalga berildi.
Täze köpriniň üstünden 40 — 50 tonnalyk ýük göteriji ulaglara geçmäge mümkinçilik dörär. «Altkom» ýol gurluşyk kompaniýasy biziň hünärmenlerimiz bilen bilelikde awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň buýurmasy esasynda taslama işlerini alyp barýar.
Demirgazyk-Günorta geçelgesiniň altyn halkasy boljak bu köpriniň ini 21 metr bolup 2 sany hereket zolagyndan ybaratdyr. Köpriniň umumy uzynlygy 354 metre barabardyr we ikitaraplaýyn gatnawlydyr. Köprä eltiji ýollaryň uzynlygy 2 kilometre barabar bolar.
Köpriniň gurluşyk işlerinde sulfata — (aýlagyň öte duzly suwuna) durnukly sementi ulanmak, köpriniň demir-beton gurluşyny deňiz suwunyň, atmosferanyň zyýanly täsirinden goramak üçin häzirki zaman himiki serişdelerini dürs ulanylyp köpriniň demir-beton we metal gurluşyndaky daýanç böleklerini, beýleki inženerçilik-gurluşyk hem-de gurnama işleriniň birnäçesini ähli talaplara laýyk gelýän görnüşde alynyp barylýar.
Täze köpriniň gurluşygynyň 2024-nji ýylyň iýun aýynda doly ýagdaýda gutarylmagyna garaşylýar.
Musa Şamyradow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we Informatika Institutynyň
1- nji ýyl talyby.
Teswirler