Täze ýyl – ak arzuwlaryň baýramy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp günlerinde eziz Diýarymyz Türkmenistan bu günki gün toý lybasynda! Çünki mähriban ýurdumyzyň her bir künjeginde päk umytlaryň baýramy bolan Täze ýyl baýramy uly şatlyk-şowhun hem uly ruhubelentlik bilen garşy alynýar. Baky bagtyýarlyga hem uly rowaçlyklara beslenen, tamamlanyp barýan “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly biziň her birimiziň durmuşynda ýatdan çykmajak ajaýyp wakalara baý ýyllaryň biri bolup, kalplarda soňlanmajak guwanjy ýadygär goýdy. Tamamlanyp barýan ýylda Türkmenistan ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda, ýagny bilimde, medeniýetde, sportda, oba hojalygynda, saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen oňyn netijeler, gazanylan üstünlikler ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny barha artdyrdy. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny has-da kämilleşdirmek babatda badalga alan asylly işler tutuş dünýä nusgalyk oňyn netijelere beslendi. Medeni mirasymyzy, milli gymmatlyklarymyzy, aýdym-saz sungatymyzy döwrüň ruhunda ösdürmek ugrunda ýola goýlan başlangyçlar bagtyýar zamanamyza bolan buýsanjymyzy has-da goşalandyrdy. Elbetde, şeýle asylly işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr, döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýӧrelgesiniň durmuşa geçirilmegine biziň her birimizi mynasyp goşant goşmaklyga borçlandyrýar.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlar babatda durmuşa geçirýän belent başlangyçlary bilen döwrümizi täze belentliklere, halkymyzy abadançylyga besläp beýik işleri alyp barýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şeýle döwletli başlangyçlary, belent tutumlary geljek 2024-nji ýylda hem uly rowaçlyklar bilen batlansyn. Täze ýyl her bir maşgala ojagyna rysgal-bereket, saglyk, baky bagtyýarlyk, parahatçylyk hem abadançylyk getirsin! Täze ýyda eziz Watanymyza rowaçly menziller ýar bolsun. Täze ýylyňyz gutly bolsun!

Laçyn HOJAÝEWA,

Daşoguz şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok