Mekdep okuwçylary Londonda geçirilen Halkara olimpiadada ýeňiji boldular

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ylym bilim pudagynda alnyp barylýan üstünlikleriň sany yzygider köpelýär.

Aşgabat şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 83-nji orta mekdebiniň okuwçylary Londondaky geçirilen Halkara bütindünýä innowasiýa sergisine online görnüşde gatnaşyp, altyn medala mynasyp boldular.

Halkara sergide Aşgabat şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 83 – nji orta mekdebiň okuwçylary:
Begenç Atabaýew hem-de Mahmyt Mahmudow altyn medala mynasyp boldular.

Şeýle-de Aşgabat şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 83 – nji orta mekdebine Iwise Halkara platformasy tarapyndan Şahadatnama gowşuryldy.

Iwise Halkara Bütindünýä innowasiýa  sergisi – döredijiligi, innowasiýany we oýlap tapyşy ösdürýän we öňe sürýän dünýäniň iň abraýly halkara platformalarynyň biridir. Bu sergä dünýäniň 10 döwleti, şol sanda Türkmenistan hem işjeň gatnaşdy.

Ýurdumyzdan bu bäsleşige gatnaşanlaryň sany çäklenen däldir.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok