Il saglygy ýurt baýlygy

Saglyk her bir adamyň iň uly baýlygydyr. Bu babatda “Il saglygy ýurt baýlygy” diýen il arasynda nakyla öwrülen aýtgy bar. Juda jaýdar aýdylan bu jümle ähli döwürlerde-de öz gymmatyny ýitirmän gelýär. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň çuň manyly şygyrlarynda seýle diýýär: “Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmazdan burun…” ýa-da “Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy” , \Agşam ýatyp, ertir şükrün kyl ýagşy”.

Hawa saglyk biziň başymyzyň täji hasaplanýar. Adamlaryň saglygyny goramak bolsa, döwletimiziň baş aladasydyr. Garaşsyz Diýarymyzda ilatyň saglygyny goramak hem-de keselleriň öňüni almak, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmagyň kepili bolan sagdyn durmuş ýörelgeleriniň jemgyýetde berkarar bolmagyny gazanmak maksady bilen giň göwrümli çäreler durmuşa geçirilýär.

Saglygy goraýyş ulgamy has-da kämilleşdirilmek bilen, ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny goramak boýunça uly işler alnyp barylýar. Şeýlelikde bu ulgam Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze derejelere çykdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň gözel paýtagtynda we sebitlerinde döwrebap binagärlik ülňüleriniň esasynda bina edilip, döwrüň öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglygy goraýyş merkezleriniň sany ýylsaýyn artýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Aşgabat şäherinde Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara Pediatriýa merkeziniň hem-de Stomotologiýa merkeziniň düýbi tutuldy. Köpetdagyň etegini etekläp oturan täze Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda 9 sany saglyk we sport binasynyň bardygyny buýsandyryjy üstünlikleriň hatarynda görkezmek bolar.

Ýaşajyk raýatlaryň abadançylygy, sazlaşykly ösmegi, saglygyny berkitmegi, ýokary hili bilim almak mümkinçiligine eýe bolmaklary bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bu babatda giň gerimli we netijeli işleri durmuşa geçirýär. Türkmen halkynyň milli lideriniň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ýaş nesliň durmuş goraglylygynyň, Howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmegiň toplumlaýyn ulgamy kemala getirildi. Munuň özi ýaşlarymyzyň saglygyny goramak babatda döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Goý, halkymyzyň, ýaş nesilleriň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa doly ornaşdyrmak ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, başlary dik bolsun, döwletli tutumlary rowaçlyklara beslensin!

Suraý AGAJANOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok