Elektrik energetika, azyk senagatlarynda ýokary ösüş gazanylýar

2023-nji ýylyň geçen on bir aýynda Lebap welaýatynda öndürilen senagat önümleriniň hereket edýän nyrhlardaky möçberi 21191 million manada barabar boldy. Bu görkeziji döwlete dahylly bölekde 6 037,8 million manada ýetdi.

Öndürilen önümleriň gymmatlyk möçberiniň esasy bölegi nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň önümçilik möçberiniň hasabyna emele geldi. Şu ýylyň on bir aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende öndürilen senagat önümleriniň ýokary artyş depginleri elektrik energetika, azyk senagatlarynda gazanyldy.

Ýylyň ýanwar ― noýabr aýlarynda welaýatyň senagat kärhanalary tarapyndan sarp edijilere ugradylan senagat önümleriniň möçberi (ýylyň başyna önümleriň galyndylaryny goşmak bilen) 5 892,4 million manada barabar boldy. Şol harytlaryň 71,7 göterimi ýurduň daşyna iberildi. Hasabat döwründe sarp ediş harytlarynyň jemi öndürilişi 4 504,8 million manat, şonuň döwlete dahylly bölegi bolsa 503,8 million manat boldy.

Baýram DAŇATAROW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok