Bütindünýä ulag diplomatiýasy akademiýasyny döretmek pikiri goldanylýar

Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparynyň IV onlaýn mejlisinde Nikaragua, Laos we Marokko tarapyndan bu topara agza bolmak üçin iberilen arzalar tassyklandy. Şeýle hem duşuşykda 2026—2035-nji ýyllarda BMG-niň Durnukly ulag onýyllygyna, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2024-nji ýylda köptaraplaýyn ulag hyzmatdaşlygy boýunça Ýokary derejeli ýygnagyna we BMG-niň Durnukly ulag boýunça nobatdaky global konferensiýasyna taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparynyň meýdançasynda ulag pudagynda halkara hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça maglumat-seljeriş materiallaryny taýýarlamak üçin Konsultatiw geňeşiniň döredilmegine aýratyn üns berildi.

Şeýle hem mejlisde Bütindünýä ulag diplomatiýasy akademiýasyny döretmek pikiri goldanyldy, onuň ilkinji synag leksiýalaryny 2024-nji ýylyň fewral—aprel aýlarynda guramak meýilleşdirilýär.

Bibimerýem GUWANJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok