Eziz diýarymyzda ýaşlaryň erkin okamaklary, döretmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilip berilýär. Ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen aýdym-saz, döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilip durulýar. Bu bolsa ýaşlaryň döredijilikde, sungat äleminde öz ornuny tapmagyna badalga bolýar.
2009-njy ýyldan bäri geçirilmegi däbe öwrülen täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda ýeňijiler saýlanylýan şowhunly, joşgunly bäsleşikleriň biri hem “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşigidir. Bu bäsleşige 17-35 ýaş aralygyndaky ýaş aýdymçylar gatnaşyp özleriniň mahmal owazlary bilen halypalaryň, halkyň goldawlaryna mynasyp bolan zehinler “Ýylyň parlak ýyldyzy” göçme nyşana we hormatly ada eýe bolýar. Jahan Tagyýewa, Begmyrat Annamyradow, Atajan Berdiýew, Lilýa Çürçaga, Annanyýaz Jepbarow, Nurgözel Ýazberdiýewa, Nurýagdy Rejebow, Züleýha Kakaýewa, Ahmet Atajanow, Mähri Pirgulyýewa, Azat Dönmezow, Leýli Ökdirowa, Begenç Çaryýew, Rüstem Hallyýew ýaly zehinli aýdymçylar “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň ýeňijileridir.
Dünýäni özüniň owadan keşbi bilen haýrana goýýan ilkinji “akylly” şäher bolan Arkadag şäherinde geçirilen “Ýylyň parlak ýyldyzy-2023” bäsleşiginiň ýeňijisi ýaş aýdymçy Bahar Annaýewa boldy. Halypalaryň beren bahalary bilen bir hatarda halk köpçüliginden gelýän sesleriň hasaba alynýandygy bolsa bu bäsleşiginiň ýeňijileriniň janköýerleri tarapyndan saýlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmen sungatynyň, türkmen ýaşlarynyň Hak Howandarlary Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.
Jahan BAÝRAMMÄDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler