Ýurdumyz giň gerimli nebitgaz taslamalaryny durmuşa geçirýär

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Maksatnama laýyklykda, ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyny gazanmagy, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi hem-de onuň halkara ykdysady gatnaşyklary ulgamyna goşulmagyny ugur edinýän giň gerimli nebitgaz taslamalary amala aşyrylýar.

Syýasy we ykdysady durnuklylyk, amatly maýa goýum ýagdaýyny üpjün etmek üçin döredilen möhüm şertler dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalaryny Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga çekýär.

Häzir «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebit serişdeleri dürli tapgyrlarda işlenip taýýarlanylýan 30-dan gowrak ýataklarda jemlenen. Hereket edýän nebitgaz guýularynyň sany 2 müň 300-den gowrak bolup, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki uglewodorod serişdeleriniň mukdary nebit görnüşinde 18,2 milliard tonna möçberde kesgitlenildi.

Ýakynda Uzynada ýatagynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Goturdepe we Ekerem buraw işleri müdirlikleriniň hünärmenleri tarapyndan buraw işleriniň geçirilmegi netijesinde 78-nji we 82-nji guýularda 62 müň 655 — 62 müň 659 metr we 62 müň 654 — 62 müň 658 metr çuňluklardan gaz kondensatynyň täze akymy alyndy.

Hazar deňziniň türkmen böleginiň ýalpaklygynyň golaýynda ýerleşen bu ýatagyň işlenip taýýarlanylmagy uglewodorodlary Türkmenistanyň diňe gury ýerinde gözläp tapmak üçin uly mümkinçilikleri açmak bilen çäklenmän, eýsem, Hazar deňziniň ýalpaklygynyň özünde täze ýataklary tapmak mümkinçiligini ençeme esse artdyrýar. Bu bolsa, öz nobatynda, geljegi uly bolan lisenziýaly bloklary özleşdirmekde daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegini artdyrýar.

Batyr NURNAZAROW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok