151 ýyllyk ylym žurnaly ömrüni tamamlady

Dünýäde meşhur ylym žurnallarynyň biri bolan “Popüler Science” birnäçe ýyl bäri diňe elektron görnüşde neşir edilýärdi. Golaýda žurnalyň elektron görnüşi hem ömrüni tamamlady.

Popüler Science – 1872-nji ýylda çap edilip başlanda, ylym, tehnologiýa we tebigat mazmuny bilen ünsi özüne çekdi. Žurnal gysga wagtyň içinde jemgyýeti özüne çekip, öz ugrundaky iň abraýly neşirleriň birine öwrüldi.

Dünýä uruşlaryny, epidemiýalary, krizisleri we sowuk söweşi başdan geçiren žurnal 151 ýyllyk syýahatyny tamamlady. Gysgaça “PopSci” diýlip atlandyrylýan žurnalyň soňky ýyllarda kynçylyk çekýändigi mälimdi. Žurnal 2018-nji ýyldan başlap, öň aýda bir gezek çykýan bolsa, her 3 aýda bir gezek çap edilip başlandy. 2021-nji ýylda žurnal doly elektron ýagdaýa geçdi.

Mundan beýläk “Populer Science” diňe öz web sahypasynda makalalary çap eder. Şeýle hem “PopSci” üçin wideo mazmunlarynyň öndüriljekdigi mälim edilýär.

Arzygül ÖWEZALIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok