XI Türkmen-german lukmançylyk forumy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda raýatlarymyza hemişelik döwletimiz tarapyndan saglygy goraýyş, bilim we durmuş ugurlarynda mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, ylym ulgamyna dünýä lukmançylygynyň gazananlaryny işjeň ornaşdyrmak ileri tutulyp, abraýly halkara guramalar we daşary ýurtlaryň iri lukmançylyk merkezleri bilen netijeli hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär.

Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Saglygy soraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan sanly ulgam arkaly iki günlük XI Türkmen-german lukmançylyk forumy geçirildi. Bu çärä Germaniýanyň tanymal klinikalarynyň mugallymlary we lukmanlary, Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary, Aşgabatdaky we welaýatlardaky lukmançylyk edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Nemes hünärmenleri Türkmenistanyň saglygy goraýyş pudagynda gazanan üstünliklerine ýokary baha berdiler. Netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýändiklerini tassyklap, nemes mugallymlary tejribelerini türkmen kärdeşleri bilen paýlaşmaga taýýardyklaryny mälim etdiler. Munuň özi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, innowasion ösüş ýoluna düşmegi bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýedir.

Ismaýyl ATÇYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok