Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine baýry ýokary okuw mekdebimiz bolan Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda öwredilýän daşary ýurt dilleri hem aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda biziň ýokary okuw mekdebimizde daşary ýurt dillerini öwrenmeklik lingofon okuw otaglarynda alnyp barylýar. Elbetde, islendik bir daşary ýurt dilini öwreneňde, şol öwrenýän diliň taryhyny, dürli grammatik aýratynlyklaryny we şol dilde gürleýän halklaryň milli medeni mirasyny hem içgin öwrenmeli bolýar. Munuň üçin bolsa ýörite audio we wideo ýazgylar taýýarlanýar, mugallymlar tarapyndan dile degişli kitaplar neşir edilýär. Pähimdar eždatlarymyzyň belleýşi ýaly “Dil bilen dünýäni gezer”, “Bir dil bilen bir adam iki dil bilen iki adam”. Dünýä dillerinde suwara gürlemekde ýaş nesle nusga bolýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun! Tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Orazmuhammet BAÝHANOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.
Teswirler