Adam bedeniniň kadaly ösüşi, saglygy üçin fiziki maşklaryň aýratyn ähmiýetlidigi hemmelere mälimdir. Saglygy goramak bolsa, ilkinji nobatda, her bir adamyň özüne bagly.
Sazlaşykly beden maşklary adamyň sagdyn bolmagyny üpjün edýär, işjeňligini artdyrýar, ruhuny belende göterýär. Bedenterbiýe we sport bilen gyzyklanýan her bir adam öz şahsy mümkinçiliklerini hem-de beden saglygynyň ýagdaýyny nazara almak bilen, maşklaryň ýönekeýden çylşyrymlysyna, ýeňilden agyrragyna ýykgyn etmegi başarmaly. Türgenleşikler bedeniň mümkinçiliklerine görä sazlaşykly bolmaly.
Her bir adam sportuň beden saglygyna laýyk gelýän görnüşini saýlap almaly. Fiziki maşklar bedene syrdamlyk bermek bilen birlikde, işden, okuwdan soň ýadawlygy aýryp, saglygy berkidýär, dem alyş ulgamyny kadalaşdyrýar. Bedeniň çeýeligini, el-aýak myşsalarynyň işjeňligini, gan aýlanyşyny sazlaşýar.
Fiziki maşklary ýerine ýetirmek bedeniň, aýratyn-da, el hem aýak, döş hem-de arka çiginleriniň berkemegine kömek berýär, dogry dem almagy, bedeniň ukybyna görä hereket etmegi öwredýär. Mundan başga-da, fiziki maşklar ýürek-damar, dem alyş, gan aýlanyş ulgamynyň işjeňligini kadalaşdyrmakda, dürli keselleriň öňüni almakda, daýanç-hereket ediş ulgamyny berkitmekde peýdalydyr.
Köpugurly maşklary gündelik durmuş endigiňize öwrüp bilseňiz, saglygyňyz berkär, ömrüňiz uzar. Şonuň üçin ýaltanmazdan, iň bolmanda, her gün ir säher bilen maşk ediň, sagdyn boluň we uzak ýaşaň!
Aýgül MUKGAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler