Iller agzybir asman asuda zemin parahat bolanynda her dogan Gün bagtyň buşlukçysy bolýan ekeni. Geçip barýan ýyllar taryh gatlaryna bagtyýar seneleri möhürlese gelýän ýyllar bagty buşlap gelýär bu diýarda. Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda biz munuň janly şaýady bolup ýaşaýarys. Ýurdumyzyň diňe bir ýylda gazanan üstünlikleri, gazanan ýeňişleri, dünýä derejesindäki abraý-mertebesiniň beýgelmegi taryh gatlarynyň bezegidir.
Bu günki gün eziz Diýarymyzyň her künjegi täze ýyl bezegleridir owadan çyralar bilen bezelen. Ak şäherimiz Aşgabadyň gündizden ýagty gijelerine aýratyn görk berýän täze ýyl bezeglerini synlamak ynsan kalbyna üýtgeşik buýsanç duýgusyny eçilýär. Geljek luw ýyly hem ähli ýyllardan zyýada ösüşleriň, ýeňişleriň, beýgelişleriň ýyly boljagyna ynanýarys. Sebäbi bu ýylda türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýy uly dabaralar bilen bellenilip geçiler.
Goý, geljek täze ýyl her bir türkmen ojagyna rysgal, döwlet, bereket, bagt getirsin. Ýyllary ösüşe bagtyýarlyga besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumlary rowaçlyklara beslensin.
Zülfiýa REJEBOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.
Teswirler